Rus kinosy we animasiýa hepdeligi geçirildi

3-5-nji iýun aralygynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda rus dili güni mynasybetli rus kinosy we animasiýa hepdeligi geçirildi. Bu ajaýyp hepdelige paýtagtymyzyň ýaşaýjylardyr myhmanlary ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşdylar.

Hepdeligiň açylyşynda ussatlyk sapaklary, çagalar üçin dürli görnüşli ýaryşlar guraldy. Surat zolaklaryndan guralan sergi hepdelige aýratyn öwüşgin çaýdy. Kino muşdaklary hepdeligiň dowamynda «Aşgabat» we «Berkarar» kinoteatrlarynda rus kinorežisýorlarynyň täze işlerine, şeýle hem iň gowy animasiýa filmlerine tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.

Hepdelikde «По щучьему велению», «Я делаю шаг», «Три богатыря и Пуп Земли», «Руслан и Людмила. Больше чем сказка» ýaly filmler görkezildi. Paýtagtymyzda rus kino hepdeliginiň ýokary derejede geçirilmegi iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. 

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok