Norwegiýadaky dünýä belli gaýa: Preýkestolen

Dünýäniň tebigy täsinliklerinden biri we iň täsir galdyryjy ýeri hasaplanýan Preýkestolen Norwegiýanyň iň meşhur syýahatçylyk ýerlerinden biridir. Bu beýik gaýa ulag bilen baryp bolmaýar. Dagyň uçut gaýasyna çykmak üçin 2-3 sagat töweregi dyrmaşmak hökmanydyr. Preýkestolen gaýasyna gelýänler üçin amatly ýollar we dynç alyş ýerleri bar. Uçut gaýadaky köp sanly owadan şarlawuklar görmäge mynasypdyr.

Preýkestoleniň ähli ýerine gezelenç etmek üçin ortaça 1-3 sagat wagt gerek bolýar. Gaýa ýolunyň her tarapy 3,8 kilometre, umumy beýikligi 334 metre deňdir. Ulagly baranlar bu dagda ulaglaryny tölegli ýagdaýda goýýarlar we Preýkestolen gaýasyna dyrmaşýarlar. Bu ýere gelen myhmanlara hajathana we beýleki hyzmat ediş desgalary bar. Uçut gaýa çykmak üçin howa şertleri elmydama möhümdir, sebäbi gyş aýlarynda ýagýan gar we ýagyşlar dyrmaşmaga kynçylyk döredýär. Dagda gar köp bolsa, ýöremek maslahat berilmeýär.

Boýy 604 metr bolan dik gaýa, Norwegiýanyň özboluşly görnüşlerini özünde jemleýär. 10 müň ýyl mundan ozal buzluklaryň eremegi bilen ýüze çykan bu tebigy dag gaýasy, bu ýere gelýän myhmanlara ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirmäge mümkinçilik berýär.

Preýkestolen gaýasyna çykmak üçin giriş tölegi ýok we islän wagtyňyz çykyp bilersiňiz. Ýylyň dowamynda iň amatly wagt aprel we oktýabr aralygynda bolup durýar. Beýleki aýlarda Norwegiýada gaty sowuk bolýar. Mundan başga-da, daga çykmak üçin sagdyn bolmaly. Maýyplar ýa-da saglyk bilen baglanyşykly meseleleri bolan adamlara bu uçut gaýa dyrmaşmak maslahat berilmeýär.

Jangeldi MÄMMETDURDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok