Geljekde telefonlara we noutbuklara 1 minutda zarýad berip bolar!

Alymlar we gözlegçiler iň netijeli zarýad beriş tehnologiýany döretmek üçin köp ýyldan bäri işleýärler. Zarýad berijiler ululygy we dürlüligi boýunça işlenip düzülen hem bolsa, islenýän “tizlik” entek gazanylmady. Täze oýlap tapyş, gysga wagtyň içinde enjamlaryň zarýad berilmegine goşant goşup biler. “Proceedings of the National Academy of Sciences” žurnalynda çap edilen gözlege görä, ýene sanlyja wagtdan telefonlaryň we noutbuklaryň 60 sekuntda zarýad almagy mümkin bolar.

Bu täze oýlap tapyş, Kolorado Boulder uniwersitetinde geçirilen gözlegler arkaly ýüze çykaryldy. Onuň esasynda, ionlaryň super kondensatorlarda nähili hereket edýändigi barada täze düşünje hödürleýär. Ionlaryň hereketini has netijeli etmeklige ünsi jemläp, iş energiýany has çalt herekete getirip biler, bu bolsa has çalt zarýad bermegi aňladýar. Super kondensatorlar gözeneklerde ionlaryň ýygnanmagyna esaslanýan energiýa saklaýjy enjamlar hökmünde bellidir. Olaryň çalt zarýad beriş wagty we ömri uzak bolanlygy sebäpli adaty batareýalardan ep-esli artykmaçlygy bar.

Bu üstünlik, dürli energiýa saklaýyş enjamlary üçin örän möhüm täsirleri döredýär. Netijeli ion hereketi, tizligi bilen tanalýan super kondensatorlar üçin möhümdir. Gözlegçiler, ion hereketiniň netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly super kondensatorlarda energiýanyň zarýad berilmegini we goýberilmegini has çaltlaşdyrmagy maksat edinýärler.

Gözlegçiler entek durmuşa geçirilmese-de, gözenekli materiallarda ion akymyny gowulandyrmak üçin inženerçilik usullaryny ulanmagy maksat edinýärler. Geljekde täze dörediljek tehnologiýa bilen, sekuntda doly zarýad berip boljak enjamlardan başga-da birnäçe sagat wagt alýan elektrik ulaglarynyň zarýad beriş wagty 10 minuda çenli azaldylyp bilner.

Selbi HAKBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok