Gargalar pikir edilişinden has akylly

Gargalar dünýädäki iň akylly haýwanlaryň biri hasaplanýar. Golaýda hünärmenler gargalaryň edil kiçijik çagalar ýaly gaty ses bilen sanap biljekdigine göz ýetirdiler. Gaty ses bilen sanamak ukyby talap edýär. Hat-da käbir çagalar hem sanlary ýatdan aýdanlarynda ýalňyşlyk goýberýärler. Gargalar bolsa üýtgeşik we täsin ukyby bilen hiç hili ýalňyşsyz sanap bilýärler.

Germaniýadaky Tübingen uniwersitetiniň alymlary üç garga bilelikde gaty ses bilen sanamagy öwretdiler. Her san aýdylanda bolsa olara şol sanlara degişli düwmäni basmaklyk gezekli-gezegine öwredildi. Netijede gargalar bu öwredilen zatlardan degişli netije çykaryp sanlar aýdylanda degişli düwmäni basyp gaty ses bilen gygyrmagy öwrendiler. Munuň garşylygynda bolsa olara iýmit sowgat berildi.

Alymlar gargalardaky bu başarnygyň ewolýusiýa başlangyjy bolup biljekdigini mälim edýärler. Ozal geçirilen gözlegler gargalaryň logika pikirlenişi ulanyp, “maýmynlar ýaly akyllydygyny” ýüze çykardy. Bu ukyplar, lezzeti gijikdirmek we pikirlenmek, akyl ýöretme şeýle hem aýnada özüňi tanamak ýaly ukyplary öz içine alýar.

Begenç DÖWLETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok