Häzirki zaman futbolynyň taryhy

Häzirki zaman futbolynyň oýun düzgünleri XIX asyryň ortalarynda döräpdir diýsek ýalňyşmarys. Ol ilki-ilkiler Angliýadaky uniwersitetlerde dürli şertlerde oýnalýan sportuň bir görnüşi bolupdyr. Ilkinji gezek 1948-nji ýylda Kembrij uniwersitetinde oýunyň düzgünleri ýazylyp beýan edilen sport ýaryşy geçirilipdir. Ýewropa döwletlerine tizden ýaýran bu sport görnüşini oýnamagyň düzgünlerine birnäçe gezek üýtgeşmeler girizilipdir. Zenanlaryň futboly hem ilkinji gezek Angliýada Londonda 1895-nji ýylda gurnalypdyr. Futboldan gözbaşyny alyp gaýdýan ýöne oýnalyş şertlerinde käbir aýratynlyklary bolan sportuň ýene-de birnäçe görnüşleri bardyr ýagny, futzal, köçe futboly, plýaj futboly we ş.m.

Häzirki wagtda dünýäniň 200-den gowrak döwletinde 250 mln-dan gowrak futbolçylar bar bolup, futbol dünýädäki iň meşhur sportuň bir görnüşidir. 1900-njy ýyldan başlap futbol boýunça dünýä olimpiýadasy geçirilýär. B.e.öň 200-300-nji ýyllarda Hytaýda oýnalan häzirki zaman futboluna meňzeş JUJU oýny ilkinji futbola meňzeş oýun hasap edilýär. Ýewropada bolsa Gadymy Gresiýada EPISKROS oýny futbola meňzeş oýun hasap edilýär.

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) 1863-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde FIFA tarapyndan hasaba alnan 300 müňden gowrak futbol kluby, 900 müňe golaý futbolyň eminleri, 100 müňden gowragam professional futbolçylar bardyr. FIFA-nyň düzüminde 6 sany Futbol Federasiýalary bardyr.

Nazar GARÝAGDYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok