Azerbaýjan Respublikasyndan ýurdumyza täze kitaplar sowgat getirildi

Azerbaýjan Respublikasynyň milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň doktory Tohfe Talibowa ýakynda paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara ylmy maslahata gelende «Azerbaýjan — Türkmenistan edebi gatnaşyklary. 1912-2022-nji ýyllar» atly kitabyny sowgat getirdi.

Kitap dürli ýyllarda, esasan hem, Garaşsyzlyk ýyllary içinde azerbaýjan we türkmen alymlary iki dostlukly halkyň edebi gatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlary şeýle-de Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde azerbaýjan alymlarynyň alyp baran köpugurly işlerine-de syn berilýär. Uzak ýyllaryň ylmy gözlegleriniň netijesini özünde jemleýän bu kitap türkmen magtymgulyşynaslarynda hem uly gyzyklanma döreder diýip umyt edýäris.

Mundan başga-da, Azerbaýjan Respublikasynyň ady agzalan Edebiýat institutynyň baş hünärmeni, filologiýa ylymlarynyň doktory Ismihan Osmanlynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlan «Magtymguly Pyragy. Poemalar» atly täze kitaby okyjylara gowuşdy. Kitaba dana Pyragynyň «Ak it», «Nury-iman eýledi», «Galar, ýaranlar», «Atly, ýaranlar», «Çakyr kelle», «Gökje kepderi», «Wagyz», «Jan içinde», «Içinde», «Magşarnama», «Artsa gerekdir», «Ötgül, Pyragy» ýaly poemalarynyň azerbaýjan we türkmen dilindäki nusgalary girizilipdir. Munuň özi iki dostlukly halkyň magtymgulyşynaslaryna akyldar şahyrymyzyň umman ýaly döredijiligi barada ylmy taýdan pikir alyşmaga uly mümkinçilik döredýär. Ylmy seljermeli kitapda beýik söz ussadymyzyň eserlerinde getirilýän taryhy şahsyýetleriň we ýer-ýurtlaryň atlary, käbir sözler barada azerbaýjan dilinde düşündiriliş berilýär.

Jeýhun GAÝGYSYZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok