PYRAGYLY NESILLER

1-nji iýun – Çagalary goramagyň Halkara gününe

Ynsan kalplarynyň töründe ebedilik ady ýazylan ussat şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary parasatlyk mekdebidir. Çünki şahyryň ajaýyp goşgularynda pähim-paýhas, öwüt-ündew, terbiýedir akyl ýaşaýar. Bu bolsa Magtymguly atamyzyň döredijiligini her bir işde ýol-ýörelge edip bolýandygynyň subutnamasydyr.

Dana Pyragynyň şygyr diwanyny göreldelik mekdebine öwren bagtyýar nesillerimiziň röwşen geljegi üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz giň gerimli işleri durmuşa ornaşdyrýar. Şeýle mümkinçilikleriň sakasynda kemala gelýän ýaşajyk raýatlarymyz sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişýärler.

Magtymguly Pyragy özüniň şygyrlarynda nesil terbiýesine aýratyn uly orun beripdir. Çünki şu günki nesiller – ertirki günlerimiziň çyragydyr. Nesillerimizi watanperwer, ynsanperwer, zähmetsöýer, myhmansöýer, rehim-şepagatly edip ýetişdirmegimizde şahyryň şygyrlarynyň ähmiýeti diýseň uludyr. “Watan” atly düşünjäniň many-mazmuny juda giňdir.

Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy – Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

– diýen ajaýyp setirleri nesillerde agzybirligi kemala getirmeklige itergi berýär.

Hezreti Magtymguly Pyragynyň “Göze myhmandyr”, “At ýanynda bellidir”, “Görüm görülmegen ýerde”, “Köýmän ýigide” ýaly goşgulary nesillere myhmansöýerlik edebini öwretmekde ähmiýetlidir.

Nusgawy edebiýatymyzda öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragynyň: “Ilimiz ulaşsa sowulmaz ýaza” arzuwyny hasyl edip, gül Watanymyz Türkmenistany bagtyýar çagalygyň ýurduna öwren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Beýik maksatly döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Bahar BABAÝEWA,

Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň
mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden
daşary edaralar bölüminiň esasy hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok