Dünýädäki ilkinji emeli aň hassahanasy açyldy! Günde 3 müň näsag bejergi alar

Ylmy fantastiki filmiň mowzugy ýaly bolup görünse-de, Hytaýda robot lukmanlary bilen dünýädäki ilkinji emeli aň hassahanasy açyldy. Hasabata görä, robot lukmanlary bilen hassahana günde 3 müň hassany bejerip, millionlarça adamy halas edip biler.

Pekindäki Tsinghua uniwersitetiniň gözlegçileri bilen bilelikde işlejek Agent hassahanasynyň ösüş prosesi soňky tapgyrynda alnyp barylýar. Hassahananyň şu ýylyň ikinji ýarymyndan hassalary kabul edip başlamagyna garaşylýar.

Agent hassahanasynyň gözleg toparynyň ýolbaşçysy Liu Yang-yň “Global Times” gazetine beren interwýusynda AI hassahanasynyň geljekde lukmanlaryň keselleri anyklamak we bejermek usulyny üýtgetjekdigini, özlerine we hassalaryna uly peýda getirjekdigini aýdýar.

“Global Times” gazetiniň habaryna görä, emeli aň lukmanlary birnäçe günüň içinde 10 müň hassany bejerip biler diýlip çaklanylýar. Şol netijä ýetmek üçin iki ýyldan gowrak işlemeli bolar diýlip pikir edilýär we ilkinji emeli aň hassahanasy 93.06 göterim takyklygy bilen tapawutlanar.

Gülnur ÝUSUPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok