Näme üçin futbolda 100 belgili forma ýok?

Oýunçylar formasyndaky belgileri bilen kesgitlenýärler. Mysal üçin, Lionel Messi agzalanda, her kim 10-lyk belgi hakda pikir edýär. Onda näme üçin futbol formalarynda reýting 1-den 99-a çenli? 100 belgini näme üçin alyp bolmaýar ýa aýratyn bir sebäp barmy?

– Aslynda hawa bar. Hatda birnäçe dürli sebäpler bar, bir däl.

Futbolda, oýundaky ilkinji 11 oýunçynyň ýagdaýyna görä käbir sanlar berilýär. Mysal üçin, 1-lik belgidäki oýunçy derwezeçi, 9-lyk belgidäki oýunçy hüjümçi. Bu adaty san 100-e çenli belgini öz içine almaýar.

Mundan başga-da, 100-lik belgili san ýaly 3 belgili sany okamak estetika taýdan juda amatly däl. Meýdançada 3 belgili sany okamak kyn düşerdi we formanyň dizaýny hem bozulardy.

Şonuň üçin 100-lik belgili san hiç haçan forma nomeri hökmünde ulanylyp bilinmez, sebäbi FIFA-ny öz içine alýan Futbol federasiýalary, forma belgilerini 1 bilen 99 aralygynda tertiplemek düzgünini kesgitledi. Bu eýýäm adaty bir zada öwrüldi.

Şeýle-de bolsa käwagt kadadan çykmalar bolýar. Meksika ýaly Günorta Amerika ýurtlarynda 1, 2 we 3 belgili sanlar formalarda ulanylyp bilner. Mysal üçin, Bofo Bautista atly futbolçy, garşydaşy Çiwas bilen göreşip ýörkä, toparynyň 100 ýyllygy üçin 100-nji belgili formany geýdi.

Rüstemzal ATALYKOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok