“…Dünýä teatrlarynyň täzeçil usullary bilen gadymyýete ýüzlendik”

Ýakynda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň  “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyndan ruhlanyp taryhy spektakl sahnalaşdyryldy. Bu taryhy oýun Änewiň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan edilmeginiň yzysüre, onuň müňýyllyklardan gözbaş alýan gadymy taryhyny dünýä ýaýmak maksady bilen, ussat režissýor Öwezmämmet Galandarow tarapyndan sahnalaşdyryldy. Režissýor özüniň bu sahnalaşdyran eserinde, aýratynam, Änewiň gadymy taryhy we onuň gelip çykyşynyň özüni içgin gyzyklandyrandygy barada şeýle gürrüň berýär:

“Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew  – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynynyň “Taryhy birleşdirýän uly wakalar” diýen bölüminde: “Bu mekanyň gadymylyk alamaty, onuň ady babatda alnanda, oýlandyrýar. Ol baradaky maglumatlaryň käbiri barada ozal hem ýatladym. Ýöne käbir alymlaryň şumerleriň iň uly taňrysy bolan asman taňrysyny “Anu” diýip atlandyrandyklary, “Änew”  diýen adyň hem şundan gelip çykandygy hakyndaky pikirleri hem ünsi özüne çekýär” diýip belleýär. Änew şäheriniň ady baradaky bu taryhy maglumaty, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň bu kitabynda okanymda, mende uly täsir galdyrdy.”

Režissýor Öwezmämmet Galandarow “Änew” adynyň gelip çykyşy barada soralanda şu setirleri ýatlaýar:

“Änew şäheriniň ady baradaky bu taryhy maglumaty, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň bu kitabynda okanymda, mende uly täsir galdyrdy. Adamzat taryhynda gadymy şumerler tarapyndan ilkinji ýazga geçirilen “Gilgameş” dessanynda Anu taňrysy hakda örän köp agzalýar. Bu barada 2013-nji ýylda çapdan çykan “Medeniýet” žurnalynda, şahyr, žurnalist zenan Oguljennet Bäşimowanyň terjime eden “Gilgameş” dessanyny ilkinji gezek  okanymda hem mende uly gyzyklanda  döräpdi. Dessandaky adamlaryň edim-gylymlary, däp-dessurlary biziň halkymyza juda ýakyn. Bu ýakynlyk meni juda geň galdyrdy.“

Sahnalaşdyrylan taryhy oýunyň sahna eserine öwrülmeginde dramaturg, şahyr, žurnalist zenan Oguljennet Bäşimowanyň orny ulydyr. Režissýor bu barada öz pikirlerini şeýle beýan edýär:

“Biz şahyr zenan Oguljennet Bäşimowa bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher pähminden dörän “Änew  – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” kitabyndan ruhlanyp, “Gilgameş” şa dessanyny sahna eserine öwrüp, teatrymyzda sahnalaşdyrmak üçin uly hyjuw bilen döredijilik gözleglerine başladyk. Ruhy şatlygymyza ylhamymyz joşup, gysga wagtda “Gilgameş” sahna oýnyny sahnalaşdyryp, halk köpçüligine hödürledik.

Biz bu spektakly sahnalaşdyrmak bilen döwrümiziň ajaýyp wakasyna, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň  “Änew  – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” kitabyna ýürekden seslenmek isledik. Şonuň üçin hem bu spektakly sahnalaşdyranymyzda, dünýä teatrlarynyň täzeçe çemeleşiş usuly bilen gadymyýete ýüzlendik. Beýleki sahnalaşdyrýan spektakllarmyzdan aýratynlykda, bu sahna oýnunda sahna hereketini has köp ullandyk. Biz aždarhanyň, öküziň, içýanlaryň, tokaý jandarlarynyň keşbini döredýän artistlerimize tokaý haýwanlarynyň eşiklerini tikip geýdirmedik-de, ýörite gara egin-başda (spesiowkada) keşp döredip, artistleriň şol keşpleri özleriniň janlandyryp, şol döredýän jandarlarynyň içki dünýäsine aralaşyp, şol jandarlaryň daşky hereketlerini hem häsiýetlerini giňden açyp görkezmek isledik.”

Belläp geçsek, ýakynda şol teatrda ilkinji gezek görkezlişige giren “Gilgameş” spektakly hem täzeçil çemeleşme hökmünde teatr söýüjiler tarapyndan gyzgyn garşylanypdy. Bu barada şu ýerden gyzyklanyp bilersiňiz:
Oguljennet Bäşimowanyň “Gilgameş” pýesasy sahnalaşdyryldy

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok