“Hindistanda hyýalym”

Hindistan dünýä medeniýetiniň gadymy ojaklarynyň biridir. Ol diňe bir müňýyllyklara uzap gidýän baý taryhy, milli edim-gylymlary, medeniýeti, dünýä siwilizasiýasyna goşan saldamly goşandy bilen däl, eýsem, amatly geografik ýerleşişi, klimaty, ýer-toprak, ummasyz tebigy baýlyklary bilen hem ähli döwürlerde diýen ýaly dünýä ýüzüniň üns merkezinde bolupdyr. Bu ýerde üsti ebedi buzlar bilen örtülen belent daglarda, ýaýylyp ýatan çöllükler-de, musson ýagyşly, ekwatorial klimatly ýerlerde bar. Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň:

Durna, gaz mesgenin umman eýlediň,
Hindige bagş eýläp ýeriň ýagşysyn.

– diýen setirleri hem ýokarky aýdanlarymyzy doly tassyklaýar we bu gözel ülke bilen ata-babalarymyzyň içgin tanyşdygyny, oňa aýratyn söýgi bilen seredendiklerini aňladýar.

Hindi halkyny beýleki halklardan tapawutlandyryp duran tebigy häsiýetleriň biri-de janly-jandarlara bolan mähirli gatnaşygydyr. Olar sygyrlara we pillere keramatly haýwanlar hökmünde seredip, olary mukaddeslik derejesine ýetiripdirler. Mälim bolşy ýaly, Hindistanyň aglaba ilaty dürli hili butlara çokunypdyr we bu dini ynançlaryna häzir hem ygrarly bolup galýarlar. Bu butlaryň arasynda iň köp ýaýran görnüşleriniň biri hem pil şekilli butlar bolupdyr. Bu ýabany haýwanlary ilkinji eldekileşdiren-de hindiler hasaplanylýar. Piller dürli maksatlar üçin( söweş, hojalyk işleri, ulag we ş.m.) ulanylyp, hindi durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Mahlasy, piller olaryň iň ýakyn dosty, ýoldaşy hasaplanypdyr. Bu aýdylanlara akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirlerinde kän gabat gelmek bolýar:

Hindi jyda düşse hemrasy pilden,
Öten günün, baran ýolun aňlamaz.

ýa-da

Tokaýlar bir zaman peleňsiz bolmaz,
Hindi jandan öter, pilinden galmaz.

Gündogaryň görnükli akyldary Magtymguly Pyragynyň başga-da birnäçe goşgularyny okanymyzda onuň ömürboýy Hindistan ýaly täsin, ajaýyp we keramatly ülkelere syýahat etmegiň, jahankeşde bolmagyň arzuwynda gezendigini bilmek bolýar. Onuň:

Göwün ýola rowanadyr –
Hindistanda hyýalym.

ýa-da

Alla ganat berse, Hindistan uçar,
Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi.

– diýen setirleri muňa şaýatlyk edýär.

Häzirki döwürde dana pederimiz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy dürli ýurtlar bilen bir hatarda Hindistanda hem uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Gadymdan gelýän türkmen-hindi gatnaşyklaryny has-da berkitmekde, dost-doganlygy wasp etmekde akyldar şahyrymyzyň goşgy setirleri nusga alarlykdyr. Hut şonuň üçin-de, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hindi diline birnäçe gezek terjime edildi. Dana şahyrymyzyň:

Yşka özün gurban kylan bir perwanam bar meniň,
Neýleýin sepil gezip, Hindistanym bar meniň

– diýen setirleri bolsa bu gün iki doganlyk halkyň dilinde aýdym bolup ýaňlanýar.

Humaý KASYMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok