Mary-Tejen-Aşgabat aralygynda welosipedli ýöriş: Uzynlyk – 335 km

31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Tejen-Aşgabat böleginiň ugry bilen uzynlygy 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem, 27-nji maý – 3-nji iýun aralygynda Olimpiýa şäherjiginiň “Welotrek” sport toplumynda “Siz bilen sportda gadamlar batly, Ak geljege ýörelgämiz Arkadag” atly welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok