Repetegiň biologik köpdürlüligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň gözel tebigatynyň has-da baýlaşmagy, ösüp gelýän ýaş nesliň aňynda tebigaty goramak bilen baglanyşykly düşünjeleri kemala getirmek barada Watanymyzda iňňän uly aladalar edilýär. Çuňňur hormatlanýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz we Gahryman Arkadagymyz türkmen tebigatyny goramak, has-da baýlaşdyrmak, asyl görnüşinde geljekki nesillere ýetirmek meselelerine ýakyndan üns berýärler.

Güneşli Diýarymyzyň her bir sebitiniň göreni haýrana galdyrýan we özüne mahsus täsinlikleri jemleýän özboluşly baý tebigaty bar. Watanymyzyň ajaýyp aýratyn goralýan ýerleriniň biri-de diňe biziň öz ýurdumyzda däl, eýsem tutuş dünýä boýunça tanalýan Repetek döwlet biosfera goraghanasydyr.

Bu goraghana özüniň tämiz howasy, aklaň çäge ulgamlary, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi bilen görenleri haýrana goýýar. Bu ýerde süýdemdirijileriň 29 görnüşi, ýerde suwda ýaşaýanlaryň 1 görnüşi, guşlaryň 200-den gowrak, oňurgasyzlaryň 1343 we süýrenijileriň 22 görnüşi duş gelýär, Bu görnüşleriň arasynda seýrek duş gelýänleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlarynda sähra ösümlikleriniň 125 görnüşi duş gelip, olaryň 76 görnüşi birýyllyklardyr. Goraghananyň çäginde kömelekleriň 8 görnüşi, mohlaryň 4 görnüşi ýaýrandyr.

Türkmen tebigatynyň gözelliklerini dünýä ýaýmakda, ony geljekki nesillere ýetirmekde uly tagallalar edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok