Kosmonawtlar üçin içýan derisinden krem ýasaldy

Biruni uniwersitetiniň alymlary uzak möhletli kosmos işlerine gidýänleriň saglyklaryny goramak üçin kosmonawtlary kosmosda ýokary radiasiýadan goramak üçin, içýan derisinden krem ýasadylar.

Içýanlar derilerindäki gialin gatlagy sebäpli radiasiýaňy özüne siňdirmeýärler. Kosmonawtlar bu kremi ulanyp, kosmos missiýalarynyň kosmonawtlara ýetirýän täsirini azaltmagy maksat edinýär.

Dünýäde Gün şöhlesine garşy krem möhüm bolsa-da, kosmosda radiasiýadan goraýan krem has möhüm bolup durýar. Sebäbi kosmosa gidýän adamlar has köp radiasiýa sezewar bolýarlar.

Radiasiýa sebäpli ölmeýän ýa-da zyýan çekmeýän jandarlaryň biri içýanlar bolup durýar. Içýanlaryň dersindäki gialin gatlagyndan edilen krem kosmonawtlaryň kosmos missiýalarynda radiasiýa täsirini ep-esli aradan aýrar.

Geçirilen gözlegleriň netijesinde, kosmosda kosmonawtlar Ýerdäki bilen deňeşdirilende 10-50 esse köp radiasiýa sezewar bolýarlar.

Begenç MÄMMETMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok