Hytaý dünýäde awtomobil eksport etmekde 3 orny geçdi

Hytaý 2023-nji ýylda awtomobilleri dünýä bazarlaryna ibermek boýunça pul aňlatmasynda ABŞ-dan we Meksikadan öňe geçip, üçünji orny eýeledi. Bu ugurda öňdebaryjylar Germaniýa we Ýaponiýa döwletlerinden üçünji orna geçdi. Geçen ýyl Hytaý ýeňil awtomobilleriň, awtobuslaryň, ýük ulaglarynyň we ýörite ulaglaryň eksportyny rekord 97 mlrd dollara çenli artdyrdy. Bu hem oňa Meksikadan we ABŞ-dan öňe geçip, 8,4% paý bilen üçünji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Şol bir wagtyň özünde Hytaý global awtoulag bazarynda bolmakda iň uly ösüşi görkezdi – 2,1 göterim punkt.

Şeýle-de bolsa, oňa heniz dünýäniň iň uly awtoulag eksportçylary bolan Germaniýadan we Ýaponiýadan öňe geçmek başardanok. Birinjisi öňdebaryjy awtomobil üpjün edijisi bolup, eksportyny 172 mlrd dollardan 197 mlrd dollara çenli artdyrdy, ýöne onuň dünýä bazaryndaky paýy 1,2 göterim punkt, 17,1%-e çenli azaldy. Ýaponiýa 123 mlrd dollar bilen ikinji orny saklady. Ol öz paýyny 10,5%-den 10,6%-e çenli artdyrdy. Bäşligi Meksika we ABŞ jemleýär. Meksika eksporty 16%, 95 mlrd dollara çenli ýokarlandyryp, bazaryň 8,3%-ini, ABŞ 13%, 89 mlrd dollara çenli ýokarlandyryp, bazaryň 7,8%-ini eýeledi. Şeýle-de, 2023-nji ýylyň jemi boýunça öňdebaryjylaryň onlugyna Günorta Koreýa, Ispaniýa, Kanada, Beýik Britaniýa we Fransiýa girdi.

Umuman alanyňda, 2023-nji ýylda ýurtlar 1,15 trln dollardan gowrak mukdarda ýeňil awtoulaglary, awtobuslary, ýük ulaglaryny we ýörite ulaglary eksport etdiler. Bu bir ýyl ozalkydan tas 23% girdeji gazandy.

Suraý MÖWLAMBERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok