Bütindünýä çagalar güni

Bütindünýä çagalar gününi dünýä ýüzünde eýýäm birnäçe ýyl bäri baýramçylyk hökmünde belläp geçýärler. Baýramçylyk öz taryhyny 1949-njy ýyldan alyp gaýdýar diýsek ýalňyşmarys. 1949-njy ýylda Parižde Zenanlaryň konferensiýasynda bütin dünýädäki çagalary goramak, goldamak meselesine seredildi we eýýäm geljek ýylyň şol senesinde çagalaryň güni baýramçylyk hökmünde bellenilip başlandy.

Her bir döwlet bir ene ýaly her bir çagasynyň terbiýesinde, saglygynda ähli taraplaýyn jogapkärçilik çekýär. Ýöne çagalaryň ýetişdirilmegi bir jogapkärçilik bolmaly däldir. Çagalar özleriniň gowy görülýändigini duýup ulalsalar olar geljekde öz pikirlerini öňe sürüp bilýän, maksada okgunly ýaşlar bolup ýetişerler.

BMG-nyň düzüminde UNICEF diýlip atlandyrylýan Bütin dünýäde çagalary goraýan gurama döredildi. Guramanyň esasy alyp barýan işleri bolsa kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary agyr fiziki zähmetde işledilmeginiň öňüni almak, her bir çaganyň sowat öwrenmegini gazanmak, dürli hili ýokanç kesellere garşy sanjymlaryň edilmegi ýaly meselelerden ybaratdyr. BMG-nyň düzümindäki bu guramanyň herekete başlamagy bilen dünýä döwletleriniň birnäçesinde ýetim çagalary saklaýan howandarlyk öýleri döredilip başlandy. BMG-da 1990-njy ýylda çagalary goramak maksady bilen Gurama agza döwletleriň ählisinde ikitaraplaýyn şertnama baglaşmaklyga ylalaşdylar. Şertnamadaky maddalarda:

  • Hiç bir çaga hiç bir ýurtda diline, dinine, milletine, reňkine, syýasy düşünjelerine görä beýlekilerinden aýry tutulmaly däldir.
  • Her bir çaga goralmalydyr we aýratynlykda gözegçilikde saklanmalydyr.
  • Her bir çaga doglan pursadyndan başlap oňa at dakmalydyr we raýatlyk bermelidir.
  • Her bir çaga durmuş goldawlaryndan peýdalanmalydyr.
  • Başlangyç bilim mugt bolmalydyr we hökmany suratda çagalara okadylmalydyr.

BMG agza döwletlerde bu maddalaryň ählisi hereket etmelidir. Çagalar biziň geljegimiz boljak bolsa ilki bilen olaryň asuda parahat durmuşda, şadyýan wagtyhoş ulalyp ýetişmeklerini gazanmalydyrys. Goý her bir ýurtda çagalaryň gülküsi ýaňlanyp dursun.

Azizhan BABAJANOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok