3-nji iýunda “planetalaryň ýörişi” bolar!

3-nji iýunda seýrek gabat gelýän astronomiýa wakasy bolup geçer. Gözýetimde birbada planetalaryň altysy — Merkuriý, Saturn, Mars, Ýupiter, Uran we Neptun bir hatara düzüler.

Bu hadysa resmi däl dilde “planetalaryň ýörişi” diýlip atlandyrylýar. Asmandaky tebigy hadysalar bilen gyzyklanýanlar Mars, Ýupiter, Merkuriý planetalaryny ýönekeý göz bilen dürbi ýa-da teleskop bilen bolsa Saturn, Uran we Neptun ýaly planetalara syn edilip bilner.

Tebigy hadysa 3-nji iýunda Amerikanyň Nýu-Ýork ştatynda sagat 5:00-dan 5:26-a çenli gün dogmazyndan öň has gowy syn edip bolar. Alty planetanyň hemmesini görmek üçin teleskop gurmak has oňaýly bolar.

“Planetalaryň ýörişine” Wenera hem goşular, ýöne Günüň ýanynda bolany üçin ýiti şöhle sebäpli görünmez. Bu tebigy hadysa her hepde irden bir hepde töweregi görner.

Awstraliýanyň Sidneý şäheri tebigy hadysany 28-nji maýda, Tokio we Afiny bolsa 2-nji iýunda görüp biler. Dünýäniň beýleki ýerlerindäki adamlar “planetalaryň ýörişini” 28-nji maýdan 6-njy iýun aralygynda görüp bilerler.

Wepa MAKSADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok