Türkmenistanly karateçi Ispaniýada bürünç medala eýe boldy

Türkmen türgeni Alymuhammet Kakalyýew Ispaniýanyň La-Korunýa şäherinde geçirilen karate boýunça Ýaşlar ligasy I dünýä tapgyrynyň halkara ýaryşynda bürünç medal gazandy.

Bütindünýä Karate federasiýasynyň (WKF) howandarlygynda geçirilen bu ýaryşa 70 ýurtdan 3035 türgen gatnaşdy, olar diňe 12 ýaşdan 20 ýaşa çenli ýaş derejelerinde medallar ugrunda däl, eýsem, 2026-njy ýylda Dakarda (Senegal) geçiriljek IV tomusky Ýetginjekler Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berýän görkeziji utuklary ugrunda hem bäsleşdiler.

Ýaryşa Türkmenistandan 21 türgen, 2 tälimçi we halkara derejeli 6 emin gatnaşdy.

Ýaryşda Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew 55 kilograma çenli agram derejesinde 14 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda kumite (başa-baş söweş) bäsleşiginde bürünç medal gazandy.

Mundan öň zehinli karateçi 2024-nji ýylyň fewral aýynda Fujeýrada (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen karate boýunça Ýaşlar ligasy I halkara ýaryşynda bürünç medal gazandy we şu aýyň başynda Samarkantda (Özbegistan) geçirilen karate boýunça Merkezi Aziýanyň 9-njy çempionatynda (WKF) hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdy.

Dörtguly KERIMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok