Özbegistanda Magtymguly Pyragy hakdaky çeper film taýýarlanyp başlandy

Özbegistanda Muzaffarhan Erkinowyň ýolbaşçylygynda surata düşürilmegi meýilleşdirilýän Magtymguly Pyragy hakdaky çeper film taýýarlanyp başlandy.

Filmi döredijiler Buhara baryp, sebitiň ýerleri bilen tanyşdylar. Hususan-da, Gögeldaş, Nadir Dewonbeg, Ulugbek, Abdulaziz Han medreselerine, Kalon minarasyna, Kalon metjidine, Mir Arap medresesine, Çor Bakr toplumyna baryp gördüler we surata düşüriljek ýerleri saýladylar.

Filmiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň Buharada ýaşan günlerinden pursatlar hem görkeziler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Film Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 19-njy fewralyndaky «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmegi bilen baglanyşykly» kararyny ýerine ýetirmek üçin döredilýär.

Aýna ABDULLAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok