Hazar mediaforumy 2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda geçiriler

Her ýyl dürli ýurtlardan media hünärmenlerini bir ýere jemleýän Astrahandaky Hazar mediaforumy 2024-nji ýylyň awgust aýynda geçiriler. Forumyň mowzugy «Medeniýetleriň dialogy Hazar sebitiniň ösüşleriniň esasy hökmünde» bolar.

2024-nji ýylda Astrahanda dokuzynjy gezek Hazar mediaforumy geçiriler, ol bitewi maglumat meýdanyny döretmek wezipesini ýerine ýetirýär, maglumatlaryň galplaşdyrylmagyny aradan aýyrmaga kömek edýär, möhüm meseleler boýunça bitewi maglumat meýilnamasyny döredýär we dialog üçin netijeli meýdança bolýar. Forum 2024-nji ýylda 16-njy awgustda geçiriler.

«Hazar möwsümleri» sungat festiwaly çäräniň özboluşly dowamy bolar, onuň çäklerinde Astrahan Kremliniň taryhy sahnalarynda açyk asmanyň astynda opera görkezilişi bolar, festiwalyň çärelerine dünýä meşhur ýyldyzlar gatnaşarlar.

Mundan başga-da, festiwalyň çäklerinde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň sazandalaryny öz içine alýan Hazarýaka döwletleriniň birleşen simfoniki orkestri çykyş eder.

Suraý SATMATOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok