Türkmen halk döredijiliginiň ähmiýeti we ondan nusga alarlyk şahyrlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda amala aşyrýan oňyn özgertmeleri kalplara owaz bolup ornaýar, buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Türkmen döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde çuňňur bilimli, milli ruhly, watansöýüji ýaşlary terbiýelemek esasy orunda goýulýar. Galkynyşly döwrümize mynasyp, giň dünýägaraýyşly ýaşlar kämil jemgyýetiň güýji, geljekki ýurt eýeleridir. Nusgawy edebiýatymyzy, mirasymyzy öwrenmek, ony geljekki nesillerimize ýetirmek bilen baglanyşykly işler hem uly üstünliklere beslenýär, halk döredijiligi ylmy esasda öwrenilip, ýaş nesillere wagyz edilýär, ýagny ýaş nesli terbiýelemekde türkmen halk döredijiliginden ýerlikli peýdalanylýar. Halk döredijilik eserleri – nakyllar, ertekiler, dessanlar, läleler, monjugatdylar, kyssa eserleri we beýlekiler ynsan ruhuny baýlaşdyrmak bilen, milli medeniýetiň ösmegine diýseň uly täsir edýär, şol eserleri köp okalanda dil baýlygy hem giňeýär, çeper sözleýiş kemala gelýär. Milli medeniýetimizi, halk döredijilik eserlerimizi ylmy esasda öwrenmek bilen bir hatarda olary ýaşlara öwretmekligiň özi-de asylly ýörelgedir.

Türkmen halk döredijiliginde tutuş dünýä ýüzüne meşhur, nusga alarlyk şahyrlar diýseň kän. Çünki şeýle nusgalyk ýazyjydyr şahyrlarymyzyň döreden, bize miras goýan ajaýyp eserleri bilen halk döredijiligimiz has-da baýlaşýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz nusgawy şahyrlarymyzyň çuňňur many-mazmunly döredijiliginiň ähmiýeti barada: “Olaryň asyrlar aşyp gelen baý edebi mirasy, dürdäne eserleri ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyzyň giňden öwrenilýän häzirki döwründe akyldarlarymyzyň parasatly sözleri, nusgawy şahyrlarymyzyň manyly goşgulary türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň belent waspy bolup, köňüllere dolýar” diýip belleýär. Şeýle beýik şahsyýetler barada gürrüň gozgalanda ilkinji nobatda, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy göz öňünde janlanýar. Ajaýyp şygyrlary bilen türkmen halkynyň dünýägaraýşyny, watançylyk hakyndaky düşünjelerini ýokary derejä çykaran dana Pyragynyň döredijiligi watansöýüji nesilleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýe. Akyldar şahyr halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, şu mukaddes toprakda özygtyýarly döwlet gurmak baradaky garaýyşlary öňe sürüp, edebiýatymyzyň hem halk döredijiligimiziň baýlaşmagyna şahsy goşandyny goşupdyr.

Bulardan başga-da ХVIII — ХIХ asyrlarda ýaşap geçen Seýitnazar Seýdi türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dowam edip, bize ägirt uly döredijilik mirasyny galdyrdy. Olar, esasan, liriki, watançylyk we terbiýeçilik ähmiýetli eserlerdir. Bu gün şahyryň ajaýyp goşgulary aýdyma bolup belentden ýaňlanýar.

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynda halk döredijiligimizden nusga alarlyk beýik şahsyýetlerimiziň, ýazyjydyr şahyrlarymyzyň abadan durmuş, berkarar döwlet, il agzybirligi, ýurt abadançylygy, ylymly, watansöýüji, kämil nesilleri ýetişdirmek babatdaky köňül arzuwlary amal bolýar. Şahyrlarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan edebi mirasy türkmen halkynyň durmuşynda hem kalbynda ebedi ýaşaýar. Döredijiligiň kämil nusgasyny döreden beýik söz ussatlarymyz ýaşaýşa döredijilikli çemeleşmek, bilimiňi artdyrmak, agzybirlik, parahatçylyk, millilik däplerini pugtalandyrmak ýaly asylly ýörelgeleri ösdüren beýik akyldarlardyr. Umuman, halk döredijiligimiziň, beýik şahsyýetlerimiziň gymmatly mirasyny aýawly gorap, giňden wagyz etmek, medeni mirasymyzy dünýä ýaýmak ugrunda giň möçberli işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri üstünliklere beslensin!

Selbi ANNAMUHAMMEDOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň Roman-german dilleri we
edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok