2027-nji ýyldaky Dünýä Kubogy Braziliýada geçiriler

Braziliýa – Gollandiýanyň, Belgiýanyň we Germaniýanyň bilelikdäki teklibini ýeňip, 2027-nji ýylda zenanlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri diýlip yglan edildi.

Golaýda Bangkokda geçirilen FIFA kongresinde agza birleşikleriň 119-dan 78-i Braziliýany goldady we bu hukugy açyk ses bilen alan ilkinji ýurt boldy.

“Braziliýany gutlaýarys” diýip FIFA-nyň prezidenti Gianni Infantino, zenanlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatynyň Günorta Amerikanyň bir ýurdy tarapyndan ilkinji gezek geçiriljekdigini aýtdy.

Braziliýa FIFA-nyň stadionlar, ýaşaýyş jaýlary, janköýerler we ulag ýaly ugurlary öz içine alýan tehniki meseleler boýunça baha beriş hasabatynda has ýokary bal gazandy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Meksika 2031-nji ýylda ýaryşa gatnaşmak üçin ünsi jemlejekdiklerini aýdyp, aprel aýynda bilelikdäki tekliplerini yzyna aldylar.

Resul HALMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok