Ýurdumyzda sanly ykdysadyýet barha rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda çuňňur hormatlanýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamynda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli däp-dessurlaryna we gymmatlyklaryna esaslanyp, häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyz Türkmenistanda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we gün-günden rowaçlanmagy şeýle çäreleriň aýdyň subutnamasydyr.    

Sanly ykdysadyýetiň ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hereket edip başlamagy bilen birnäçe oňyn ösüşler we özgertmeler gazanyldy. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň soňky gazanylan üstünlikleriniň ykdysadyýete ornaşdyrylmagyndan ägirt uly mümkinçilikler gazanylýar. Sanly ykdysadyýetiň ähli pudaklarda ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmäge ähmiýeti uludyr. Bu hem bolsa ýurdumyzda diňe bir täzeçilligiň peýda bolmagy däl, eýsem, adamlaryň aň-düşünjesiniň, dünýägaraýşynyň giňelmegine. Täze tehnologiýalara we tehnikalara halkyň isleginiň artmagyna getirýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasaty ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti üstünlikli amala aşyrmaga esasy şertleri döredýär. Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmeklik “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna ” laýyklykda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu konsepsiýanyň üçünji tapgyry amala aşyrylýar. Ata Watanymyzda sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarda düýpli ösüşler gazanmagy üçin möhüm ähmiýeti bolan sanly ykdysadyýete geçilmegi, döwrüň talabyna gabat gelýän innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy daşary döwletler bilen işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmakda iňňän ähmiýetlidir.

Sanly ykdysadyýeti ýola goýmakda, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýratmakda möhüm çäreleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uly minnetdardyrys!

Baýramgözel BAKYÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok