Daşary ýurt saz edebiýaty we türkmen saz edebiýaty dersi boýunça zehin bäsleşigi geçirildi

Ýaňy ýakynda Mary welaýat kitaphanasynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň  çagalar sungat mekdebi bilen Mary Amerikan Burçynyň hemaýatkärlik etmeginde okuwçylaryň arasynda daşary ýurt saz  edebiýaty we türkmen saz edebiýaty dersi boýunça zehin bäsleşigi  geçirildi. Bu bäsleşik şertlerine görä 3 tapgyrda geçirildi. Ýagny 1-nji  tapgyrda okuwçylar test görnüşindaki soraglara dogry jogap ýazdylar. 2-nji tapgyrda ussat kompozitorlaryň suratlary monitoryň ýüzinde görkezildi. 3-nji tapgyrda bolsa şol ussatlaryň ýazan sazlaryny diňlemek bilen  bäsleşigimiz jemlendi.

Bäsleşige Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň Ýörite fortepiano we skripkaçylar toparynyň 4-nji, 5-nji, 6-njy synp okuwçylary gatnaşdylar. Onda daşary ýurt saz edebiýaty we türkmen saz edebiýaty dersinden düzülen dürli soraglar, sazlar diňlenildi.

Bäsleşigiň hormatly emin agzalary Mary Amerikan Burçynyň hemaýatlärleri Jeren Tirkişowa, Merjen Akmuhammedowa şeýle hem şol  mekdebiň  saz nazaryýetiniň bölüm müdiri Allabaýewa Şeker ýene-de  fortepiano bölüminiň mugallymy Welmyradowa Nargiz dagylar çekeleşikli  geçýän ýaryşa mynasyp baha berdiler. Netijede emin agzalaryň adalatly  baha bermeginde bäsleşige  gatnaşan mekdep okuwçylaryna 1 sany I ýer, 2 sany II ýer we 1 sany III ýer berdiler. Şeýlelikde galan okuwçylarada  höweslendiriji bayraklar berildi. Ýagny,

I orun  Mollaýewa Gülaýym
II  orun  Nurgeldiýewa  Aýjahan
II orun Hemraýewa  Tawus
III orun Annamyradowa Oguljahan

 mynasyp boldular.

Bäsleşigin ahyrynda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň geljeki ösüp  gelýän ýaş nesiller  üçin edýän  taýsyz tagallalaryna alkyş sözler aýdyldy. Şeýle mümkinçilikler üçin mähriban Arkadagymyza we Arkadagly Sesrdarymyzyň janynyň sag bolmagyny, ömriniň uzak bolmagyny arzuw  edýäris.

Ogulgerek GALANDAROWA,
Mary etrabynyň  çagalar  sungat 
mekdebiniň  2nji  derejeli  saz  nazaryýeti mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok