Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy şu ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçiriler. Bu barada, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa döwletleriniň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlary bilen geçiren duşuşygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görülýändigini habar berdi.

Gazagystanyň Prezidenti öz ýurdunyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny kabul ediji ýurt hökmünde öňde boljak sammite uly taýýarlyk görýändigini belledi we “Merkezi Aziýa-2040” sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek strategiýasynyň işlenip düzülýändigini belledi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok