Arap Ligasynyň sammiti öz işine başlady

Bahreýnde ilkinji gezek geçirilýän Arap Ligasynyň sammiti Manamadaky Sahir köşgünde öz işine başlady. Sammite Bahreýn şasy, Kataryň emiri, Saud Arabystanyň şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Müsüriň we Siriýanyň prezidentleri şeýle-de Kuweýtiň, Marokkanyň, Liwanyň, Omanyň, Somaliniň premýer-ministrleri gatnaşýarlar. Sammite daşary işler ministrleriniň derejesinde Alžir, Tunis we Sudan wekilçilik edýär.

Arap Ligasynyň sammiti dünýädäki häzirki çylşyrymly ýagdaýlar şeýle hem arap döwletiniň öňünde durýan beýleki meseleler dürli ykdysady we syýasy derejelerde arap raýdaşlygyny berkitmek arkaly bu kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar.

Mundan başga-da sammitde araplaryň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, medeni we howpsuzlyk ugurlarynda bilelikdäki hereketleri ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Arap Ligasynyň sammiti sebitde ýüze çykýan kynçylyklara we krizislere garşy bilelikde göreşmek üçin ýol kartasyny düzmek we dürli derejelerde arap hyzmatdaşlygyny şeýle-de raýdaşlygy ýokarlandyrmak meýilnamalaryny düzmek maksady bilen geçirilýär.

Ogulmerjen ORAZDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok