Dubaýda tebigy we organiki önümleriň halkara sergisi geçiriler

2024-nji ýylyň 18 – 21-nji noýabry aralygynda BAE-niň Dubaý şäherindäki Bütindünýä söwda merkezinde «Middle East Organic & Natural Products Expo 2024» atly tebigy we organiki önümleriň halkara sergisi geçiriler. Bu halkara sergä türkmenistanly telekeçiler hem gatnaşyp bilerler.

«Middle East Organic & Natural Products Expo 2024» organiki, tebigy we ekologiýa taýdan arassa önümleriň lomaý hem bölek satuw söwdasy üçin Ýakyn Gündogaryň öňdebaryjy ýerligidir.

Bu sergi her ýyl BAE-li alyjylardan başga-da, Bahreýn, Oman, Katar, Eýran, Saud Arabystany, Müsür, Kuweýt, Demirgazyk we Günorta Afrika, Hindistan ýaly ýurtlardan we Ýewropa Bileleşiginden gelýänleri özüne çekýär.

«Middle East Organic & Natural Products Expo 2024» öndürijileri, markalary we üpjün edijileri alyjylardyr organik hem tebigy azyk önümleri, içgi, kosmetika, saglyk, oba hojalygy, daşky gurşaw we durnukly ösüş üçin zerur önümler bilen gyzyklanýan paýlaýjylar bilen baglanyşdyrýar.

Merdan ALLAGULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok