Ýaşlar bilen edebi duşuşyk geçirildi

11-nji maýda “Diller dünýäsi” dil merkezinde “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” atly edebi duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Magtymguly Pyragynyň durmuşy, döredijiligi, onuň eserlerinde belli şahsyýetleriň orny barada pikir alyşyldy.

Duşuşygyň başynda TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew Magtymguly Pyragynyň şygyrlary barada, onuň eserleriniň nähili döreýşi barada gymmatly maglumatlary ýaşlar bilen paýlaşdy.

“Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynda diňe bir ýurdumyzyň dürli künjeklerinde däl, eýsem dünýä ýüzünde beýik şahyryň sarpasy belende göterilýär. Ýaňy ýakynda Koreýa, Azerbaýjan, Ispaniýa ýaly ýurtlarda Pyragynyň ömrüne, döredijiligine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar geçirildi. Sebäbi şahyryň setirlerini yzygiderli öwrenmek, teswir etmek, onuň filosofiýasyny düşündirmek we geljekki nesillere ýetirmek ählimiziň borjumyz.

Akhumaý Çaryýewa,
Magtymguly adyndaky TDU-niň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.

Şeýle-de okaň:
Ýaşlar bilen dil festiwaly geçirildi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok