Gadymy Türkmen halylary

Gadymy türkmen halylar öndürilýän sebitlerine görä, nagyşlarynyň häsiýeti bilen tapawutlanýar we dürli toparlara bölünýär. Bu aýratynlyklar göllerde has aýdyň görünýär.

Teke halylarynyň merkezi bölegini boýuna we keseligine ýerleşdirilen dogry hatarlar boýunça basgançakly sekizburçlyk nagyşlar – göller tutýar. Her bir göl dik we kese çyzyklar arkaly deň dört bölege bölünýär: ol bölekleriň düşeginiň reňkini gezekli-gezegine kä açyk, kä goýy bolýar. Goýy we açyk reňkleriň öwüşgini diňe bir halynyň merkezi böleginiň nagyşlaryna mälim häsiýeti bermek bilen onuň koloritini iňňän baýlaşdyrýar.

Ýomut halylarynyň merkezi bölegini “gabsa göl”, “dyrnak göl” we “japarbaý göl” atly göller tutýar. Şonuň ýaly halylaryň düşeginiň reňki gyzyl we goýy gyzyl bolýar. “Gabsa göl” nagşynyň içine labyryň şekili salynýar. Halynyň merkezi böleginiň daşyna iki tarapyndan birnäçe hatar insiz nagyş- “ak gyra” diýlip atlandyrylýan giň gaýma aýlanýar.

Pendi halysy kompozisiýasy boýunça ýokarda seredilip geçilen halylara kybapdaş. Ýöne oňa özboluşly “pendi göli” diýlip atlandyrylýan göl mahsusdyr. Şonuň ýaly göl daşyna diş-diş nagyş aýlanan süýnmek sekizburçluk görnüşinde bolýar. Uly gölleriň arasynda halynyň merkezi böleginde kiçiräk sekizburçluklar ýerleşýär. Pendi halylarynyň merkezi böleginiň daşyna “nagdal” diýlip atlandyrylýan esasy gaýma nagyş aýlanýar.

Kerki halysynyň göli “ärsary göl” diýlip atlandyrylýan dogry şekilli iri sekizburçluklardyr. Iç ýüzünden göller dört bölege bölünip, olarda kä açyk, kä goýyreňkli ösümlik görnüşli nagyşlar çitilýär. Esasy gölleriň aralygynda diş-diş ýaprajyklar bilen gutarýan tegelek nagyşlar ýerleşdirilýär.

Gyzylaýak halysynyň merkezi bölegi ýyldyza meňzeş şekilleri emele getirýän medalýonlardan – köpburçluklardan ybaratdyr.

Beşir halylaryna diş-diş ýaprak görnüşindäki dürli ösümlikler esasynda döredilen geometrik nagyşlar mahsusdyr. Beşir halylarynyň nagyşlary iňňän çylşyrymly we öz formalary boýunça dürli-dürlidir: olaryň “bäş aý beşir”, “harran beşir”, “ýylan beşir” atlaryny agzap geçsek ýeterlikdir. Reňkler öwüşginleri hem baýdyr. Ol halylar ýiti gyzyl, sarymtyl ýaşyl, altyn öwüşginli sary, goýy goňur we ak ýüpden dokalýar. Beşir halylarynyň gyzyl reňki beýlekilerden tapawutlanýan gyzylymtyl gülgüne reňkdir.

Şemşat ÖWEZKLYÇEWA,

Darganata etrabyndaky ýöriteleşdirilen
13-nji orta mekdebiniň Türkmen dili we
edebiýaty mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok