“Ýewrowideniýe-2024” aýdym-saz bäsleşiginde Şweýsariýa ýeňiji boldy

68-nji gezek geçirilýän Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň finalynda 25 ýurt birinji orun üçin bäsleşdi. Bäsleşigiň netijesinde, Şweýsariýa 591 bal toplap, ýeňiji bolmagy başardy.

“Ýewrowideniýe-2024” aýdym-saz bäsleşiginiň finaly Şwesiýanyň Malmö şäherinde geçirildi. Bu ýyl ýaryşa 37 ýurt gatnaşdy we iki ýarym final geçirildi. Bäsleşikde Horwatiýa 547 bal bilen ikinji, Ukraina 453 bal bilen üçünji ýeri eýeledi.

Bäsleşik Ýewropa teleradioýaýlymlar bileleşigi we Sveriges telewideniýesi (SVT) tarapyndan bilelikde gurnaldy we ýarym final 7-nji we 9-njy maýda, final bolsa 2024-nji ýylyň 11-nji maýynda geçirildi.

Bäsleşige iň soňky gezek gatnaşan Lýuksemburg 1993-nji ýyldan soň gaýdyp bäsleşige ýene gaýdyp geldi. Rumyniýa bolsa ýaryşdan çekildi. Gollandiýa finala gatnaşmaga hukuk gazanan hem bolsa, finaldan öň ýaryşdan çykaryldy. Gollandiýaly tomaşaçylar ses bermek hukugyny sakladylar.

Ikbalaý IBRAGIMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok