«Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir»

10-njy maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda «Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat üstünlikli geçirildi.

Ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, halypa ýazyjy-şahyrlar, alymlar, Ýaşlar guramasynyň wekilleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdy.

Maslahatyň başynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül çemenleri goýlup, ruhy tagzym edildi. Munuň özi Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldaryna goýulýan hormat-sarpanyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylymyzyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda guralan «Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat hem munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr.

Gülnar BAZAROWA,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň
10-njy orta mekdebiniň
iňlis dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok