Ewereste 29 gezek dyrmaşyp dünýä rekordyny täzeledi

Nepally alpinist Kami Rita 29-njy gezek dünýäniň iň beýik nokady bolan Ewerest dagynyň depesine çykyp, dünýä rekordyny täzeledi.

1994-nji ýylda ilkinji gezek 8 müň 848 metr belentlige çykan 54 ýaşly Ritanyň golaýda ýene bir gezek daga çykmagy bilen öz rekordyny täzeländigi we “Ewereste iň köp çykan adam” adynyň bardygy mälim edildi.

Nepalda ýerleşýän dünýäniň iň beýik nokady bolan Ewerest dagynyň depesine ençeme gezek çykmagy başaran Rita “Ewerest adam” lakamy bilen hem tanalýar.

Nepalyň ýerli ýolbeledi Ritanyň dünýä rekordyny täzeländigini we ençeme ýyl bäri syýahatçy hökmünde tanalýandygyny belledi.

Ýeri gelende belläp geçsek, iňlis alpinisti Kenton Cool hem Kami Rita bilen bir günde “daşary ýurtly alpinist” diýlip dünýä rekordyny täzeledi.

Döwran AGABAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok