Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünligi

Türkmenistanly türgenler Samarkantda geçirilen WKF karate boýunça Merkezi Aziýanyň 9-njy çempionatynda dürli medallaryň 33-sine mynasyp boldular. Ýaryşlara Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 800-den gowrak türgenler gatnaşdylar. Olar kata (görkezme maşklary) we kumite (tutluşyklar) görnüşlerinde dürli ýaş aýratynlyklary boýunça medallar ugrunda göreşdiler.

Ýaryşyň üç gününiň netijeleri boýunça biziň ildeşlerimiz 6 altyn, 7 kümüş we 20 bürünç medallary gazandylar. Ýaryşyň ilkinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň tälimçileri Aýdyň Çaryýewiň we Igor Rahymowyň türgenleri medallaryň 7-sini (1 altyn, 2 kümüş we 4 bürünç), ikinji günde bolsa ýene-de 14-sini (3 altyn, 2 kümüş we 9 bürünç) gazandylar. Çempionatyň jemleýji gününde biziň karateçilerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 7 bürünç medallary eýeläp, gazanylan medallaryň üstüni artdyrdylar.

74 türgeni bilen wekilçilik eden Türkmenistanyň ýygyndy topary medallar hasabynda Gazagystanyň (39 altyn, 30 kümüş we 47 bürünç medallar) we Özbegistanyň (22 altyn, 29 kümüş we 58 bürünç medallar) toparlaryndan soň, üçünji orny eýeledi.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu aýda Özbegistanyň Ürgenç şäherinde geçirilen WKF karate boýunça «UZBEKISTAN OPEN 2024» atly ilkinji halkara ýaryşynda türkmenistanlylaryň medallaryň 23-sini – 5 altyn, 5 kümüş we 13 bürünç medallary gazandylar.

Magsat NURYÝEW,

Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok