Ýaşlar – ata Watanyň daýanjy

Täze taryhy eýýamyň rowana ýolundan beýik hem nurana geljege ynamly barýan eziz Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän işler ilkinji nobatda ýaş nesil babatdaky aladalara gönükdirilendir. Gözel ýurdumyzy gülläp ösüşe atarýan köptaraplaýyn özgertmeleriň hatarynda ýaş nesil hakdaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenmegi örän guwandyryjydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz merdana pederlerimizden gelýän şeýle ajaýyp ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmek bilen ýurduň geljegi bolan ýaş nesilleriň aýratyn alada bilen, mähri-söýgi bilen gurşalyp alynmagy babatda zerur şertleri döredýär. «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylymly-bilimli, kämil hünärli, täze döwrüň täzeçil tehnologiýalaryndan ezberlik bilen baş çykaryp bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde döwlet derejesinde üns berýär. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeler ýaş nesil baradaky nusgalyk aladalaryň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi, ýaş nesliň ruhy-ahlak, aň-bilim, beden taýdan ösüşinde nusgalyk terbiýäniň utgaşdyrylmagy, döwrebap ylym-bilimiň berilmegi Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda hem aýdyň şöhlelenýär. Paýhasly ata-babalarymyzyň döwletlilik, rysgal-bereketlilik, halallyk, zähmetsöýerlik hem ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, bu ýörelgeler täze döwrüň täze ruhunda barha kämilleşdirilýär.

Ýaşlar hakyndaky üns-aladany döwlet syýasaty derejesine çykaran Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyçlary, beýik işleri bagtyýar ýaşlara ata Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde, öňküden-de yhlasly okap, ylym-bilim alyp, halal işläp, köňül maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, Türkmenistan ýurdumyzyň ösüşdir özgerişlerine mynasyp goşant goşmakda ruhy güýç bolup hyzmat edýär. Ýaşlaryň kämil ylymly, bilimli, milli ruha kybap aň-düşünjeli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýgül ILMYRADOWA,

S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň
Roman-german dilleri we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok