Türkmenistanly karateçiler Özbegistanda 23 medal gazandylar

Ýakynda, Ürgenç şäherinde Özbegistanyň açyk çempionaty geçirildi. Ýaryşda biziň ildeşlerimiz hormat münberine 23 gezek çykdylar.

Halkara ýaryşa türkmenistanly karateçiler bilen birlikde Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan jemi 293 türgeniň gatnaşandygyny nygtamak türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleriniň derejesine göz ýetirmekde ähmiýetlidir. Üç myhman döwlete milli ýygyndylar wekilçilik eden bolsa, Özbegistan halkara ýaryşa sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanýan klublar arkaly gatnaşdy.

Özbegistanyň açyk çempionatyndaky 293 türgeniň 74-si biziň ildeşlerimizdir. Türgenlerden başga-da, 7 tälimçili we 10 eminli wekiliýetimiz Watanymyza altyn we kümüş medallaryň her haýsyndan 5-si we 13 sany bürünç medal bilen dolanyp geldi.

Türkmen ýygyndysynyň altyn medallarynyň dördüsi karateniň kumite, biri bolsa kata görnüşi boýunça gazanyldy. Kata boýunça ýeke-täk altyn medalymyzy 16 ýaşdan uly gyzlaryň arasynda ýaryşan Aýgül Esenowa boýnuna dakdy. Kumite boýunça altyn medallara bolsa 14-15 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesinde Gurbannazar Amandurdyýew, gyzlaryň arasynda 47 kilograma çenli agram derejesinde Nadira Asadowa, 18 ýaşdan uly oglanlaryň arasynda 75 kilograma çenli derejede Dawut Nazarmyradow hem-de şol ýaş derejesinde 55 kilograma çenli agramy bolan gyzlaryň arasynda Ogulsuraý Täçdurdyýewa mynasyp boldy.

Aýlar AKYNYÝAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok