GYZYL GÜLÄLEK

Bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň ajaýyp tebigatynyň gözelligi has hem artýar. Baharda ene Zeminde ähli janly-jandarlaryň oýanmagy bilen üýtgeşik täsinlikler peýda bolup ugraýar. Gülleýän ot-ösümlikleriň owadan keşbi, olaryň goýberýän üýtgeşik ýakymly yslary diňe bir mör-möjekleri özüne çekmän, eýsem howamyzy hem arassalaýarlar. Ýaz paslynyň gelmegi bilen türkmen tebigatynda ilkinji peýda bolup, gözel keşbi emele getirýän ösümlikleriň biri-de gyzyl gülälekdir.

Gyzyl gülälek (Papaver pavoninum) – gülälekler maşgalasynyň wekili bolup, onuň boýy 15–70 santimetr töweregidir. Bu birýyllyk otjumak ösümligiň dik ösýän baldagy birneme şahalanan görnüşlidir. Baldagy ýiti uçly tüýjagazlar bilen örtülen. Gyzyl gülälegiň köküne golaý ýerleşen ýapraklarynyň ýaprak sapagy baldagyň ujuna ýakyn ýerleşen ýapraklarynyň ýaprak sapagyna garanda birneme uzynrak bolýar. Ýapraklary ýaşyl reňkli bolup, gyralary diş-diş şekilli, daşy tüýjümeklidir. Süýnmek ýa-da togalak şekilli gül gunçasy bolup, onuň uzynlygy 10–20 millimetrdir. Açyk gyzyl reňkli iri gülleriniň diametri 3–5 santimetr aralygyndadyr. Gyzyl gülälegiň örän ownujak çal reňkli tohumlary bolýar. Gülälek aprel-maý aýlarynda gülleýär. Maý-iýun aýlarynda miwe emele getirýär.

Gyzyl gülälek hem dermanlyk, hem bezeg ähmiýete eýedir. Bu ösümlik ýagtylygy we ýylylygy söýýänligi sebäpli açyk meýdanlarda çägeli we daşly topraklarda ösüp ýetişýär. Bu ösümligiň özboluşly owadan keşbi her bir ynsanyň ruhuny göterýär.

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok