“Açyk gapylar” güni geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda asylly däbe öwrülen “Açyk gapylar” güni Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 24-nji aprelinde we 3-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem geçirildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzda 2024-2025-nji okuw ýylynda dalaşgärleri kabul etmek maksady bilen orta mekdepleri tamamlaýan uçurymlaryň hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Açyk gapylar” güni uly dabara bilen geçirildi. Bu dabarada ýaşlar institut bilen içgin tanyşdyrylyp onda berilýän bilim bilen hem-de institutdaky hereket edýän fakultetler, kafedralar hem-de talyp ýaşlara hyzmat edýän kitaphana, Talyplar sport kluby, tejribehanalar, ylmy-önümçilik merkezleri bilen tanyş boldular.

Hojadurdy HOJADURDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok