GAHRYMANLAR UNUDYLMAÝAR!

Watana söýgi ähli duýgularyň iň arzylysydyr. Taryhda türkmen halky ata Watanyny, ene topragyny jany-teni bilen söýüp, ony gözüniň göreji deýin gorapdyr. Bu mukaddes toprakda ýürekleri Watan diýip urýan Togruldyr Çagry begler, Alp Arslandyr Görogly beg… ýaşap geçipdir. Olar Watana gulluk etmegiň, ony goramagyň beýik nusgasyny görkezipdirler. Watany goran, oňa hyzmat eden gerçekler bakydyr, olaryň geçen şöhratly ýoly her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir.

Watan üçin söweşen gerçeklerimize Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly hormat goýulýar. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanynda gaýduwsyzlyk, edermenlik görkezen türkmen esgerleri, tylda ýeňiş üçin ýadawsyz zähmet çeken ildeşlerimiz döwletimiz tarapyndan hatyralanylýar. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-köpçülik çäreleri ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Aradan köp ýyl geçen hem bolsa, şol ýalynly ýyllarda görkezilen gahrymançylyk biziň kalplarymyzda hemişelik ýaşaýar. Bu ýatlamalar gahrymanlarymyza buýsanç duýgusyny döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, mertler Watany beýgeldýär. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşundan ençeme ýyl geçse-de, Watan üçin ýeňiş gazanmagyň ugrunda batyrgaýlyk görkezenleriň edermenligi, gahrymançylygy, olaryň yzynda maşgala ojagyny saklap galan zenanlaryň zähmetsöýerligi hakydalardan çykmaýar, unudylmaýar.

Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

Hojadurdy HOJADURDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok