ARKADAG ŞÄHERI – BAGTYŇ ŞÄHERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Diýarymyzyň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmelere badalga berilýär. Ähli ösüşleriň hem-de özgerişleriň özeninde halkymyzyň bähbidi göz öňünde tutulýar. Alym Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde täze şäheriň, ýagny, durmuş ulgamynda sanly we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylan “Arkadag şäheriniň” döredilmegi ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň biridir.

Arkadag şäheriniň dörediliş taryhy hem birnäçe döwürleri öz içinde jemleýär. Bu şäheriň häzirki wagtda gurlup ulanylmaga berlen böleginiň gurluşygy üçin dört ýyldan gowrak wagt gerek boldy. Gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen bu şäher sebitiň iň iri we ekologiýa taýdan arassa şäheridir. 2023-nji ýylda şäheriň birinji tapgyry doly tamamlanyp, 2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda ikinji tapgyryna badalga berildi. Nesip bolsa Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy 2023-2026-njy ýyllarda amala aşyrylar.

Arkadag şäheri “akylly şäher” konsepsiýasyndan ugur alýar. Sebäbi bu şäheriň ähli binalarynda elektron dolandyryş ulgamlary ornaşdyrylandyr. Arkadag şäherini “geljegiň şäheri” diýip doly derejede atlandyrsak hem ýalňyş bolmaz. Arkadag şäheri häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän halkyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň ýolunda aýgytly ädilen ädimdir. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri bagtyň şäheridir. Adamlaryň asuda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, amatly dynç almaklary üçin has oňaýly şertler döredilen bu şäher bu günki günde älem-jahany haýrana galdyrýar. Şeýle gysga wagtyň dowamynda geljegi uly bolan Arkadag şäheriniň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysady we ylmy – tehnologik taýdan çalt depginde ösüşiniň subutnamasydyr.

Bizi ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Alyguly ÝUWŞANOW,

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň
Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok