Türkmenistanly ýaşajyk tennisçiler halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmen tennisçileri Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen ýaşy 14-e çenli ýetginjekleriň arasynda Duşenbäniň açyk çempionatynda — «Open Dushenbe Championship U14» ýaryşyň üç görnüşinde kümüş medal gazandylar.

Ýaryşa Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisinden, şeýle hem Belarusdan, Russiýadan we Kanadadan oglan-gyzlaryň 88-si gatnaşdy. Özi-de soňky üç ýurda bir tennisçi wekilçilik etdi.

13 ýaşly Emirhan Rustamow toparymyza iki kümüş medal getirdi. Emirhan Rustamow Süleýman Hudaýberdiýew bilen bilelikde çärýek final oýnunda çykyş edip, kümüş baýragy eýelediler. Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy 11 ýaşly Näzli Hudaýgulyýewa hem halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň toparyna ýene bir kümüş medal getirdi. Türkmenistanly ýaşajyk tennisçileriň bu üstünligine olaryň ata-eneleri bilen birlikde tälimçileri hem guwanýarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, golaýda gysga wagtlyk sapar bilen Türkmenistana gelen Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) wekili Ýuriý Polskiý milli Tennis federasiýasynyň işine ýokary baha berdi.

Ikram ÖWLIÝAKULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok