Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça XVIII halkara olimpiadasyna gatnaşdylar

22-25-nji aprel aralygynda Belarus respublikasynyň Gomel şäherinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda nazary mehanika boýunça XVIII halkara olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiada ýurdumyzdan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşdylar.

Halkara olimpiadada gazanylan netijelere görä institutynyň talyplarynyň 4 sanysy, Aýna Ýazjumaýewa, Gyzylgül Gylyçgeldiýewa, Şöhrat Babamyradow we Döwlet Suhanberdiýew üçünji orny eýelediler. Bäsleşigiň çäginde Şatlyk Akmyradowyň ýolbaşçylygyndaky milli topar olimpiadanyň bäsleşiklerinde görkezilen ýokary netijeler üçin diplom bilen sylaglandy.

Şeýle-de ýokary okuw mekdepleriň ýygyndy topary “Brain-ring” bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip III derejeli diploma mynasyp bolmagy başardylar. Onuň düzüminde biziň baýrakly orna eýe bolan talyplarymyzyň biri – Şöhrat Babamyradow çykyş etdi.

Bu olimpiada iki bäsleşikden – nazary (şahsy we toparlaýyn hasap) hem-de gysga ýumuşlaryň çözülmegi – «Breýn-ring» görnüşdäki toparlaýyn bäsleşikden ybarat boldy.

Nazary bäsleşik 4 sagat dowam etdi. Onuň çäklerinde talyplara 8 ýumuş (statika boýunça – 2, kinematika boýunça – 2 we dinamika boýunça – 4) teklip edildi. Nazary mehanikanyň bu bölümleri boýunça «Breýn-ring» görnüşdäki toparlaýyn bäsleşik 30 sany gysga ýumuşlary özünde jemledi, ol bir sagat dowam etdi.

Nazary mehanika boýunça XVIII halkara olimpiadasyna 4 ýurtdan – Belarusdan, Hytaýdan, Türkmenistandan we Russiýadan ýokary okuw mekdepleriň 20-siniň talyplary gatnaşdylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok