Ýurdumyzyň köptaraply ösüşinde bagtyýar ýaşlaryň orny

Häzirki wagtda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugry, döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bu ýaşlar syýasatynyň ilerlemegidir. Çuň paýhasly geljekki nesilleri kemala getirmekde ylmy-tehniki mümkinçilikler yzygiderli berkidilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim bilen meşgullanýan ýaşlaryň ylmy-döredijilik bäsleşikleriniň gurnalmagy, dürli dersler boýunça olimpiadalaryň gurnalmagy zehinli, ylma höwesli ýaşlaryň döredijiligini ösdürmäge, olarda ylmy garaýyşlary kemala getirmäge ýardam eder. Biziň orta hünär okuw mekdebimizde hem tejribehanalaryň, ylmy barlag otaglarynyň hereket etmegi Ýaş alymlaryň döremegine getirer. Belli bolşy ýaly , ýurdumyzda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi, ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda bolsa Ýaş alymlar geňeşleri hereket edýär.

Gündogar akyldary Muhammet Gazaly “Ylym adamlaryň ruhlaryny ýaramaz hem-de heläk ediji ahlaklardan halas edip, dürs terbiýelemäge, olary halanylýan we bagtyýarlyga ýetiriji ahlaklara ugrukdyrmaga gönükdirilendir” diýip belläp geçýär. Watanymyzyň ösüşine, özgerişine goşant goşjak belent maksatlary öňde goýýan halypalar bilen bilelikde ýaşlar hem jan aýaman zähmet çekýärler, döredýärler. Ýaşlaryň gazanýan bahasyz üstünlikleri ýurdumyzyň taryhy sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylar.

Intizar EGEMBERDIÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok