Halkara hokkeý ýaryşy «Galkan» toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy

Şu gün ýurdumyzda alty günläp dowam eden halkara hokkeý ýaryşy Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy.

Final oýunda RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň hokkeý topary Gyşky oýunlar sport toplumyny dolduran ýüzlerçe janköýerine hakyky ussatlygyny görkezip, ynam bilen ýaryşyň başyny çekdi.

Günüň birinji ýarymynda «Feniks» bilen «Wolat» üçünji orun üçin duşuşyp, ýaryş Belarusuň güýçli hokkeý toparynyň uly hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şunlukda, özbekleriň «Feniksinden» 4:12 hasabynda üstün çykan bu topar Aşgabatda geçen çekeleşikli ýaryşda üçünji orna mynasyp boldy.

Günüň ikinji ýarymynda geçirilen final duşuşygynda ýurdumyzyň dokuz gezek çempiony «Galkan» güýç babatynda deňeçer «Adihis-Kazan» bilen duşuşdy. Ýaryş örän çekeleşikli hem dartgynly bolsa-da, «Galkan» Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykmagy başardy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Ýewropanyň we Aziýanyň 10 ýurdundan toparlaryň gatnaşmagynda geçirilen halkara hokkeý ýaryşynyň ýapylyş dabarasy hem uly şatlyk-şowhuna beslendi. Onda eminlere we tapawutlanan oýunçylara şahsy baýraklar gowşuryldy.

Somak ANNAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok