Ädimme-ädim finala tarap!

Ýurdumyzda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynda 5-nji günüň oýunlary geçirildi. Bu aýlaw haýsy hokkeý toparynyň “finalist” adyna eýe bolmalydygyny kesgitleýän aýlawdyr.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň adyndan çykyş edýän “Galkan” topary yzygiderli 4 oýunda hem uly hasaply ýeňiş gazanmagy başaryp, wagtyndan öň finala çykmaga hukuk gazanypdy.

 Ýaryşyň 5-nji gününde hem adatdaky bolşy ýaly toparçalarda 4 sany duşuşyk geçirildi.

Duşuşyklaryň netijeleri şulardan ybarat:

«Ice Box» (Eýran) 1:6 «Feniks» (Özbegistan)

«Dordoý» (Gyrgyzystan) 1:2 «Wolat» (Belarus)

«Oman Nationals» (Oman) 3:2 «Bahreýn» (Bahreýn)

«Adihic-Kazan» (Tatarystan) 6:1 «Akmola» (Gazagystan)

Netijelere we çempionatda toplanan utuklara görä, 20-nji aprelde, final duşuşygynda Russiýa Federasiýasynyň(Tatarystanyň) “Adihic-Kazan” topary  ýurdumyzyň “Galkan” topary bilen duşuşar.

3-nji orun ugrundaky oýun bolsa, şol gün «Feniks» bilen «Wolat» hokkeý toparlarynyň arasynda bolar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok