Aşgabatda sport baýramçylygy

Dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň nazary şu günler ýene-de türkmen paýtagtynda. Ak şäherimiz Aşgabatda nobatdaky sport baýramçylygy — hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirilýär. Eýýäm üç güni yzda galan ýaryşda güýçlüler öňe saýlanyp, medallaryň esasy dalaşgärlerine öwrülýär. Ýöne bu ýaryşda dostlugyň, gözelligiň we tejribe alyşmagyň güýji gazanylýan ýeňişlerden has rüstem gelýär.

Duşuşyklardaky çekeleşik, dartgynlylyk olaryň her birini janköýerler üçin ýatdan çykmajak waka öwürýär. «Galkan» halkara ýaryşynyň ilkinji iki gününde garşydaş toparlaryň derwezelerine 23 şaýba geçirip, uly hasaply ýeňişleriň ikisini gazandy. 15-nji aprelde «Bahreýn» toparyny 8:1 hasabynda ýeňen «Galkan» 16-njy aprelde «Oman Nationals» toparyndan hem 15:1 hasaby bilen üstün çykdy. Bu iki ýeňiş «Galkanyň» toparçadan üstünlikli çykyp, halkara ýaryşynyň medallary üçin göreşmek mümkinçiligini artdyrdy.

10 döwletden 10 topary özünde jemlän ýaryş, sözüň doly manysynda, sport baýramçylygyna öwrülýär. Özi hem, bu baýramçylyga ähli ildeşlerimiz şaýat. Çünki halkara ýaryşynyň duşuşyklary milli teleýaýlymlaryň ikisinde göni ýaýlymda görkezilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde dost-doganlyk ruhunda geçirilýän sport baýramçylygynyň rowaçlyga beslenip, hemmelere ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş bermegini, türkmen türgenlerine bolsa uly ýeňişleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Töre TAÝLYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok