Allaberdi Allaberdiýewi ýatlap duşuşyk konserti geçirildi

Ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ussat halypa mugallym, sazanda, Allaberdi Allaberdiýewiň döredijiligine bagyşlanyp duşuşyk konserti geçirildi.

Bu dabaraly duşuşyk konsertine Türkmenistanyň halk artisti hem-de «Kompozisiýa» kafedrasynyň dosenti Baýramdurdy Hudaýnazarow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri we sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan medeniýet işgärleri Öwezmyrat Gandymow we Nepesmuhammet Meredow dagylar şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymlary gatnaşdylar.

Aýdym-saz sungatynyň döredijilik wekilleri dabaranyň dowamynda ussat halypa Allaberdi Allaberdiýewden ilkinji alan tälimleri dogrusynda ýakymly ýatlamalary paýlaşdylar. Kompozitoryň entek talyplyk ýyllarynda Annaberdi Agabaýewiň sözlerine döreden «Ene elleri» atly aýdymynyň ýerine ýetirilmegi dabaraly konsert duşuşygynyň täsirini has-da baýlaşdyrdy.

Allaberdi Allaberdiýew ýarym asyr ýaly gysga ömrüniň dowamynda ençeme Türkmenistanyň halk we sungatda at gazanan artistlerini, medeniýet işgärlerini ýetişdirmek bilen türkmen halk sazlaryny ilkinji bolup nota geçiren ussat şahsyýetdir.

Leýli JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok