Halkara ýaryşda 200 meýletinçiniň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar

Paýtagtymyz Aşgabatda şu gün badalga alan hokkeý boýunça halkara ýaryşyň guramaçylykly geçmeginde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden bolan meýletinçileriň 200-siniň mümkinçiliklerinden peýdalanylar.

Meýletinçileriň her biriniň jogap berýän ugurlary bolup, şolaryň bir bölegi akkreditasiýa kartlarynyň resmileşdirilişine, beýleki bir bölegi daşary ýurtly myhmanlara hem-de türgenlere ýardam etmäge, birnäçesi bolsa lukmançylyk toparlaryna goldaw bermäge gatnaşýar.

Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriljek halkara ýaryşyň 20-nji aprele çenli dowam etjekdigini ýatladýarys.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok