Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň, Belarus, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Oman Patyşalygynyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň öňdebaryjy hokkeý toparlarynyň gatnaşmagynda şu gün badalga alan bu halkara sport ýaryşy Watanymyzyň syýahatçylygyny ösdürmekde hem uly ähmiýete eýe bolar.
Şu gün ýaryşyň ilkinji gününde iki sany duşuşyk meýilleşdirilýär. Olaryň ilkinjisi Özbegistan bilen Omanyň toparlarynyň arasynda geçirildi. Ikinji duşuşykda Türkmenistanyň «Galkan» hokkeý topary bilen Bahreýn Döwletiniň topary duşuşar. Bu ýaryşda hokkeý toparlarynyň çekeleşikli oýunlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.

Badalga alan Hokkeý boýunça halkara ýaryşy 20-nji aprele çenli dowam eder.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok