Halkara hokkeý ýaryşyna bagyşlanan mediaforum geçirildi

Şu gün ýagny 14-nji aprelde, Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 15-nji aprelde paýtagtymyzda badalga aljak şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi.

Mediaforuma ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hokkeý federasiýalarynyň ýolbaşçylary, ýaryşa gatnaşýan toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mediaforumda bellenilişi ýaly, iri halkara ýaryşy geçirmek üçin Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy tarapyndan toplumlaýyn işler ýerine ýetirildi.

Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynda türgenler, myhmanlar we janköýerler üçin zerur şertler döredildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-siniň talyplaryndan 200 meýletinçi taýýarlanyldy. Mundan başga-da, myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnama düzüldi. Onda myhmanlaryň ýurdumyzyň muzeýlerine, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlaryna, “Berkarar”, “Aşgabat”, “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezlerine, sebitde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň gözel künjeklerine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar.

Mediaforumyň dowamynda žurnalistler “Galkan” toparynyň ýaryşlara taýýarlyk derejesi bilen tanyşdyryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok