Diýarymyzyň buýsançly ädimleri

Gahryman Arkadagymyzyň tagallary bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sport dünýäsiniň giňişliklerini, türkmen sportuny we bedenterbiýäni ylmy-amaly hem-de tejribeçilik boýunça has-da ýokarlandyrmakda, şeýle-de dünýä tejribeleri bilen birlikde türkmen sportynyň ýokary göterilmeginde açylýan ýollar barha gerimini giňeldýär. Hormatly Prezidentimiz «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalar edýär. Milli Liderimiz tarapyndan kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda, bilim ulgamynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we tehniki enjamlary yzygiderli ornaşdyrmak üstünlikli alnyp barylýar.Dünýä derejesinde gurulan Olimpiýa şäherimiz bilen bilelikde täze binalar toplumlarynda sport ugry boýunça ýöriteleşdirilen ýerleriň açylmagy hem biziň bu günki gün türkmen sportyna bolan buýsanjymyzy artdyrýar.

Türkmenistan diýarymyzda geçirilýän sport ýaryşlary ýurdumyzyň ýaşlaryny sporta bolan söýgi bilen kämilleşdirmekde ýaşlara uly bir nusgadyr. Hut şol nukdaýnazardan hem häzirki zaman ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport ulgamlarynyň garamagyndaky sport binalary baş maksatlaryň amala aşmagyna mümkinçilik döredýär. Sport ugry boýunça ýurdumyzda geçiriljek hokkeý oýunlarynyň ýaryşyna gatnaşmak hem-de ol ýerde üstünlikli çykyş etmek üçin taýýarlanýan sport türgenlerimiziň uly netijeleri gazanjakdyklaryna häzirden buýsanç bilen garaşmak biziň diýarymyzyň dünýä boýunça abraýly sport türgenlerini ýetişdirýändiginiň ullakan subutnamasy bolar.

Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz hem biz ýaşlara uly ynam bildirýär. Şol ynamyny ödemek üçin edilýän işleriň sport ulgamynda hem sany-sajagy ýok. Ynamly gadamlar bilen öňe barýan ýaşlary ýurdumyzda geçiriljek hokkeý boýunça ýaryşda üstünlik gazanmaklaryna uly badalga berilýär. Hyjuwly döredijilik üstünliklerine atarýan mähriban we Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize diňe üstünlikler hemra bolup, biz ýaşlara bildirýän ynamyna hem-de döredip berýän mümkinçiliklerine sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda biz ýaşlar hemişe okamak, öwrenmek, gurmak üçin elimizden gelenini aýaman, üstünlikli zähmet çekip, geljege, öz ýurdumyza mynasyp ýaşlar bolup ýetişmek üçin çalyşýarys.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok